JEMGYÝET

Aşgabat ― Türkmenabat otlusy gündelik tertibe geçdi

Aşgabat ― Türkmenabat aralygyndaky otly gatnawy 2023-nji ýylyň aprel aýyndan gündelik tertibe geçdi.

Paýtagtdan Türkmenabada ugraýan, soň ýene-de paýtagta gaýdyp barýan otly 03 we 04 gatnaw belgisi bilen hereket edýär. Otly Aşgabat şäherinden agşam sagat 20-de ýola düşüp, 12 sagat 26 minutdan soňra Türkmenabat şäherine gelýär. Şol otly agşam sagat 19:25-de Türkmenabat şäherinden paýtagta sary ýola düşýär.

Bu ugurda plaskart wagonda ýola düşjek ýolagçylar 32 manat 75 teňňe, küpe wagon üçin 53 manat 35 teňňe tölemeli bolarlar.

Petekleri Internet arkaly hem satyn alyp bolýandygyny ýatladýarys.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: