Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

«Aşgabat ― Türkmenabat» awtobanynyň üçünji tapgyrynyň 21 kilometr aralygyna çagyl düşeldi

Nov 5, 2021

«Aşgabat ― Türkmenabat» ýokary tizlikli ýolunyň üçünji tapgyrynyň 21 kilometrinde ýoluň çyg geçirmeýän iň aşaky bölegi bolan geotekstil we 30 santimetr galyňlykda çagyl düşemek işleri tamamlandy, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Awtobanyň üçünji tapgyry umumy uzynlygy 600 kilometr bolan ýoluň 475-nji kilometrinden başlanýar. Gurluşygyň üçünji tapgyrynda degişli 125 kilometrlik ýoluň 110 kilometri dürli gatlaklary düşemäge doly taýýar edildi. Arassalanylan çägiň ini 100 metre ýetýär. Bu bolsa ýoluň ugrunda goşmaça binalary gurmaga hem mümkinçilik berer.

Täze ýol ozalky «Türkmenabat ― Mary» ýolunyň 800 metr ― 1,5 kilometr gapdalyndan geçer.

Bu tapgyrda, esasan, «Ata Melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary işleýärler. Işlerde 100-e golaý kuwwatly tehnikadan peýdalanylýar.

Adblock
detector