Aşgabat ― Stambul uçar gatnawy hepdede 9 gezege çykarylar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy gyş möwsüminiň gelmegi bilen Aşgabat we Stambul şäherleriniň arasyndaky ýolagçy uçar gatnawlarynyň sanyny artdyrjakdygyny mälim etdi. Bu barada «Turizm Günlügü» türk neşiri mälim edýär.
Bu şäherleriň arasynda häzirki wagtda günde bir ýolagçy uçuşy amala aşyrylýar. Çarşenbe we anna günlerinde goşmaça gatnawlaryň girizilmegi bilen şäherleriň arasynda hepdede 9 uçuş amala aşyrylar.
Türk awiakompaniýasynyň Türkmenistanda şahamçasy hereket edip, ol türkmen şäherlerine iň köp uçuşy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýasy bolup durýar.