SPORT WE SYÝAHAT

Aşgabada ýyldyzlary getirjek duşuşygyň petekleri satuwa çykdy

Aşgabat şäheriniň häkimligi AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde geçiriljek «Arkadag» (Türkmenistan) hem-de «Al-Nassr» (Saud Arabystany) toparlarynyň arasyndaky birinji duşuşyk üçin petekleriň onlaýn satuwyny işe girizdi. Paýtagtymyzda geçiriljek bu gyzykly oýun 2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda, sagat 18:45-de Olimpiýa stadionynda başlanar. Janköýerler oýun üçin petekleri Aşgabat şäher häkimliginiň resmi saýty (www.ashgabat.gov.tm) ýa-da «Sanly şäher» mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşde satyn alyp bilerler. Petekleriň bahasy saýlanan orunlara görä 200 manatdan 400 manada çenli üýtgeýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, her bir petek özboluşly QR-kod bilen üpjün edilip, ol stadiona giriş pursadynda tomaşaçynyň şahsyýetini tassyklaýar. Şol sebäpli, janköýerleriň ýany bilen pasportyny ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasyny getirmegi hökmandyr. Guramaçylar petekleriň diňe resmi çeşmelerden alynmalydygyny, resmi bolmadyk satyjylardan petek satyn almagyň gadagandygyny ýatladýarlar.