TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabada Araş, MOT we Semijenk geler

Türkmenistanyň paýtagtynda Sportuň gyşky oýun görnüşleri boýunça sport toplumynda meşhur daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk konsertleri geçiriler. 27-nji dekabrda sagat 18:00-da tomaşaçylaryň öňünde eýran-şwed aýdymçysy Arash çykyş eder, 28-nji dekabrda şol wagt rus reperi MOT (Matweý Melnikow) konsert berer, 29-njy dekabrda bolsa sagat 18:00-da türk aýdymçysy Semicenki sahna çykar.
Baýramçylyk konsertleriniň jemleýji agşamy 30-njy dekabrda sagat 18:00-da türkmen estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda geçiriler. Ähli konsertler paýtagtymyzyň Sportuň gyşky oýun görnüşleri boýunça sport toplumynda guralar, biletleri satyn almak boýunça maglumatlary bolsa toplumyň kassalaryndan alyp bolar.