«Arsenalyň» tälimçisine braziliýaly ýarymgoragçy gerek
«Arsenalyň» tälimçisi ýarymgoragçy satyn almak isleýär. Habarlara görä, Mikel Arteta «Aston Willa» toparynyň futbolçysy Duglas Luisi topçylar lybasynda görmek isleýär. Braziliýaly futbolçy APL-nyň soňky tapgyrynda «West Hemiň» derwezesine iki gol saldy.
Geçen gyşda hem Luis «Arsenalyň» gyzyklanmalaryny gazanypdy.
«Aston Willa» 25 ýaşly ýarymgoragçyny aňsatlyk bilen goýbermez. Sebäbi Unai Emeri topary indiki möwsümden ÝÇL-de oýnamagy meýilleşdiripdi. Munuň üçin toparda Duglas Luis ýaly güýçli futbolçylar bolmaly.