DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Arsenalyň» finaldaky bäsdeşi haýsy topar bolar?

Şu gün, 6-njy maýda Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda Mýunheniň «Bawariýa» topary bilen Fransiýanyň «PSŽ» topary finala çykmak ugrunda güýç synanyşar. Bu jübütiň ýeňijisi jemleýji oýunda Londonyň «Arsenal» toparynyň garşydaşy bolar.
Toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşyk örän çekeleşikli we gollara baý ýagdaýda geçdi. Onda «PSŽ» 5:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, jogap oýnunyň öňüsyrasynda azda-kände artykmaçlyk gazandy. Şeýle-de bolsa, duşuşygyň Mýunhen şäherinde geçirilmegi «Bawariýa» üçin goşmaça mümkinçilik döredýär.
Futbol muşdaklary bu gyzykly ýarym final duşuşygyna «Turkmenistan. Sport» we «Warzish TV» teleýaýlymlary arkaly göni efirde tomaşa edip bilerler. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen sagat 23:55-de başlanar.