Londonyň «Arsenal» futbol topary 22 ýyldan soň Angliýanyň Premýer-ligasynyň çempiony boldy. Klub soňky gezek 2003/04 möwsüminde, Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda çempionaty ýeňlişsiz tamamlap, Angliýanyň iň güýçli topary diýen ada mynasyp bolupdy.
2025/26 möwsümindäki çempionlyk 37-nji tapgyrda resmi taýdan tassyklandy. 18-nji maýdan 19-njy maýa geçilýän gije «Arsenal» «Býornlini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Şondan soň çempionlyk ugrunda nazary taýdan mümkinçilik saklap galan ýeke-täk topar — «Mançester Siti» 19-njy maýda «Bornmut» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Hut şol netije möwsümiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Arsenalyň» çempionlygyny üpjün etdi.
37 tapgyrdan soň «Arsenal» 82 utuk bilen ýaryş tertibiniň başynda barýar. «Mançester Siti» 78 utuk bilen ikinji, «Mançester Ýunaýted» bolsa 68 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Çempionatyň jemleýji — 38-nji tapgyry 24-nji maýda geçiriler.
Şeýlelikde, «Arsenalyň» janköýerleri uzak garaşylan çempionlyk şatlygyny başdan geçirýärler. Bu ýeňiş klub üçin diňe bir nobatdaky kubok däl, eýsem, 22 ýyllyk sabyrly garaşmagyň, ynamyň we täzeden galkynyşyň nyşanyna öwrüldi.
«Arsenal» 22 ýyldan soň Angliýanyň çempiony!
20
May

