JEMGYÝET

 «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnaly döredijilik bäsleşigini yglan etdi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasy ýaşlaryň arasynda «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Onuň düzgünnamasy neşiriň birinji sanynda çap edildi.

Bäsleşige materiallar türkmen, rus we iňlis dillerinde islendik žanrda kabul ediler. Oňa žurnalyň ilkinji sanyndan başlap, her sanynda çap edilýän awtorlarynyň gatnaşdyryljakdygy habar berilýär. Žurnalyň her sanyndaky iň gowy materialyň awtorynyň ýeňiji diýlip yglan ediljekdigi hem aýdylar. Ýeňijä guramaçylar tarapyndan Hormat haty we ýadygärlik sowgady gowşurylar. Ol baradaky maglumat žurnalyň indiki sanynda beriler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: