ARKADAGLY SERDARYM
Türkmenistan, ajap mekan, sen ýaşlaryň mekany
Aýdym aýdyp hem tans edip, çekýäris biz sapany
Kändir bizde aýdymçylar, şa serpaýyn ýapany
Aladaňa köp sagbolsun, Arkadagly Serdarym!
Okaýarys döredip biz, beýik- beýik işleri
Watan üçin aýamalyň janymyzy, güýçleri
Ýaşlarymyz, çetde durmaň, baryň süýşüň ileri
Aladaňa köp sagbolsun, Arkadagly Serdarym!
Ýurdumyzda dürli- dürli bäsleşikler gurulýar
Kimler goşgusyny düzüp, hekaýasyny ýazýar
Kimler mylaýym ses bilen owadan aýdym aýdýar
Aladaňa köp sagbolsun, Arkadagly Serdarym!
Serdarymyz tama edýär biz ýaşlarda kän zady
Aýdym aýtmak, okamakdyr meniň göwnümiň şady
Gowulykda tutulsyn mydam her kimiň ady
Aladaňa köp sagbolsun, Arkadagly Serdarym!
Selbi Imamowa
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň I-ýyl talyby