ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ
Garaşsyz ýurdum baý aýdyma-saza
Gahryman Arkadag howandar bize
Wepaly ýaşlar biz gül watanmyza
Arkadagly Gahryman Serdarmyza
Kalbymyz joşgundan, ylhamdan doly
Geliň dostlar bile aýdym aýdaly
Ajaýyp zamanda arşa galaly
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Halkyna ajaýyp durmuşy berýär
Işleýäni, okaýany sylaýar
Ýaşulularyna maslahat salýar
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Ýurdumyzy bag-bossana öwürýär
Ähli işde ýaşlary öňe sürýär
“Ýaşlarmyz Watanyň Daýanjy”:-diýýär
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Ýaşlary bar hyjuwly hem gaýratly
Ýaşululaň her sözi parasatly
Halkyň arasynda uly hormatly
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Türkmen halky ähli işde görelde
Gahryman Arkadagmyz bize ýörelge
Her öňde baryja atlar berildi
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Watanym gün-günden ösüşe barýar
Dabarasy bütin äleme dolýar
Kalbym joşup goşgy setirler ýazýar
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň III-nji ýyl talyby
Selbi Imamowa