ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR BILEN
Bitarap, ýurdum bar asuda, rahat
Ýaşaýas abadan, ilim parahat
Her günmize edýäris müň kanagat
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Her sözi nusgalyk Arkadagmyzyň
Paýhasyndan ýaşlar alýar mysalyn
Saýasynda äpet Köpetdagmyzyň
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Günlerimiz doly şatlyk-şagalaň
Misli älemgoşar ýürda çaýylan
Gülküsi äleme dolýar çagalaň
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Howasy mylaýym, jana ýakymly
Hazar deňzi täsin kenar ýakaly
Türkmen ilim hoşniýetli sypaýy
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Myhman üçin mydam açyk gapylar
Öňlerinden duz-çörekli çykylar
Ýaşlara guwanýar ene-atalar
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Ynsan üçin watan bagtyň nurydyr
Ýaşaýşyň gözbaşy, dünýe barydyr
Arkadag şäherim nurun döküp dur
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Batly gadam urup geljege barýas
Ertirmize aýdyň maksatlar gurýas
Biz Gahryman Arkadagmyza uýýas
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Zähmetsöýer, ajaýyp halkym bardyr
Dost-doganlar saparlara gelýändir
Bir suprada aşlar taýýar bolýandyr
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Toý-baýramlar goşa-goşadan bolýar
Her günümiz üstünliklere dolýar
Ýakymly duýgular kalbyňy alýar
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Türkmen halky ähli işde görelde
Gahryman Arkadagym bize ýörelge
Işläne, okana atlar berildi
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Selbi Imamowa
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi