ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR BILEN
Durmuşymyz ajaýyp hem sapaly
Ýaşlarymyz başarjaň hem sypaýy
Mert ýigitler misli polatdan ýaly
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Gurulýar,okalýar, dokalýar bu gün
Ýaş nessiler tapýar durmuşda ýolun
Ussatlarça tapyp her işiň tabyn
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Türkmen ady giň jahana bellidir
Ata-babam myhmansöýer illidir
Çöl-sähramyz doly elwan güllidir
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Mermer daşly gatbar-gat jaýlarymyz
Ähli işde mydam ak ýollarymyz
Ýaňlanyp dur aýdymdyr- sazlarymyz
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Zähmet çekýär ýaşlar el ele berip
Pederleriň paýhasyndan ugur alyp
Geljege barýarys biz arşa galyp
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Beýik şahsyýetler ýatlanar her gün
Bu gün kalbymdaky joşguny ýazdym
Ürç edip okaýas Pyragyň şygryn
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Gül watanym barýar rowana ýola
Her günümiz şanly wakadan dolar
Türgenlermiz baýrakly ýerler alar
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Aýdym-saz ýaňlanar baýram günlerde
Pyragynyň paýhaslary dillerde
Hormata mynasyp biziň illerde
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga
Hormat goýýas Magtymguly Pyraga
Aýdym sesi göterler belent daga
Arkadagly Gahryman Serdar bilen
Imamowa Selbi
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmaksungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi