BIZE YAZYARLAR

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR BILEN

Bitarap ýurdumyň mermer paýtagty
Ýaşlarymyz tapýar bu ýerde bagty
Halkymyň başynyň täji hem tagty
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Binalaryň, desgalaryň sany kän
Ýaşaýyş jaýlary günsaýyn ösýän
Etjek işin ýedi ölçäp,bir kesýän
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Milli mirasymyz baýlaşýar her gün
Gahryman Arkadag berýär bar ünsün
Watanymyz al-elwan güle çümsün
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Her günümiz üstünlige beslenýär
Daglary, deresi, düzi seslenýär
Watan üçin, halkym üçin işlenýär
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Magtymguly atamyz kalbymyzda
Şygyrlary ýaňlanýar aýdymmyzda
Ýaşaýas oň arzuwlan zamanmyzda
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Synmaz erkinligiň parahat ýoly
Öýlermizi bezeýär nepis haly
Saçaklarmyz dürli nygmatdan doly
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Watanym ezizdir hem mukaddesdir
Tebigaty daglar,düzler hem pesdir
Dutaryň mylaýym owazyn eşdir
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Baýram bilen geler nurana ertir
Bişiriler mele-myssyk nan, petir
Togap edýäs, bu watan mukaddesdir
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Berkarar döwletiň Galkynyş döwri
Tördendir mydama ýaşullaň ýeri
Topragmyzdan alýarys altyn,zeri
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Gaýratly ynsanlar ýaşaýar bizde
Bagtly ýaşlar okaýar mekdebmizde
Şanly günler garaşýar ertirmizde
Arkadagly Gahryman Serdar bilen

Imamowa Selbi         

 Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmaksungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi