Senegalyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň Afrikanyň Milletler kubogynyň final duşuşygynda Marokkonyň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar edip, taryhda ikinji gezek bu abraýly ýaryşyň ýeňijisi boldy. Dartgynly geçen duşuşygyň goşmaça wagtynda Pap Geýe tarapyndan geçirilen ýeke-täk gol “Teranga arslanlaryna” 1:0 hasabyndaky ýeňşi getirdi. Senegal mundan ozal 2021-nji ýylda hem finalda Müsüri penaltiler arkaly ýeňip, bu kubogy öz muzeýine alyp gidipdi.
Bu ýeňiş türkmen futbol janköýerleri üçin hem aýratyn gyzyklydyr, sebäbi Senegalyň düzüminde AFK-nyň Çempionlar ligasy – 2 bäsleşiginiň 1/8 finalynda ýurdumyzyň «Arkadag» topary bilen duşuşjak «Al-Nassr» klubunyň ýyldyzy Sadio Mane hem çykyş edýär. Şeýlelikde, “Arkadag” topary AFK-nyň nobatdaky tapgyrynda Afrikanyň täze çempionynyň wekilçilik edýän güýçli garşydaşyna garşy meýdana çykar.
“Arkadag” toparynyň bäsdeşi Afrikanyň Milletler kubogyny gazandy
19
Jan
