SPORT WE SYÝAHAT

«Arkadag» topary yklym ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy

«Arkadag» toparynyň oýunçylary çärýek finalda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny ýeňip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarymfinalyna çykdylar.
Bu toparlaryň bir hepde mundan öň Kalkuttada geçirilen birinji duşuşygy 1:0 hasabynda Türkmenistanyň iki gezek çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Jogap duşuşygy şu gün ilkinji gezek halkara ýaryşyny kabul eden Arkadag şäherinde geçirildi.
Onda şäheriň adybir topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Iki duşuşygyň netijesi boýunça 3:1 hasabynda utan «Arkadag» topary AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş eden ilkinji ýylynda ýarymfinala çykmagy başardy.  AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarymfinal duşuşyklary şu ýylyň 9-njy hem-de 16-njy aprelinde geçirilmegine garaşylýar.