SPORT WE SYÝAHAT

Arkadag topary Ronaldu bilen boljak duşuşyk üçin düzümini güýçlendirip başlady

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly ýarym goragçysy Meýlis Diniýew resmi taýdan Arkadag futbol klubunyň düzümine goşuldy. Futbolçy geçen möwsümde Gyrgyzystanyň Karabalta şäheriniň «Kyrgyzaltyn» toparynda çykyş edip, 12 duşuşykda meýdança çykdy hem-de 2 gol geçirdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Meýlis Diniýewiň bazar bahasy 150 müň ýewro barabar.
Bellenilip geçilmegine görä, AFC-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynda «Arkadag» toparyna çynlakaý synag garaşýar. Topar Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» kluby bilen iki oýundan ybarat duşuşyk geçirer. Bu toparyň düzüminde dünýä futbolynyň ýyldyzy Kriştianu Ronaldu çykyş edýär.