Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň duşuşyklaryna taýýarlygyň çäklerinde şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýar. Topar bu ýerdäki türgenleşikleriň çäklerinde halkara derejeli ýoldaşlyk duşuşyklaryny hem geçirýär.
Şol duşuşyklaryň ilkinjisi ýerli «Al-Hamriýa» topary bilen geçirildi. Bu duşuşyk ýurdumyzyň çempionynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Topar bu ýerdäki ýygnanyşyk tamamlanansoň, Kuweýte gider. Ozal hem habar berşimiz ýaly, dostlukly döwletde yklym ýaryşynyň «B» toparçasynyň duşuşyklary geçiriler. Bu ýaryş toparyň taryhyndaky ilkinji resmi halkara ýaryş bolar. Topar halkara derejeli ilkinji resmi duşuşygyny 26-njy oktýabrda geçirer. Şol günki garşydaş Maldiw adalarynyň «Maziýa» topary bolar. Soňra ýurdumyzyň çempiony 29-njy oktýabrda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata», 1-nji noýabrda bolsa Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen duşuşar.