SPORT WE SYÝAHAT

«Arkadag» topary bilen türkmenabatly goragçy hem Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadyna mynasyp boldy

Täze ýylyň öňüsyrasynda Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan awtobus bilen sylaglandyryldy. Geçen möwsümi iki baýrak bilen tamamlan toparyň düzüminde türkmenabatly goragçy hem bar.

Toparyň çep gyraky ýarym goragçysy Meýlis Durdyýew türgenleşiklerine mundan birnäçe ýyl Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebinde, Timur Husaýinowyň tälimçiliginde başlady. Ol çagalykdan hem beýleki deň-duşlaryndan ezberligi, başarjaňlygy bilen saýlanýardy. Şeýle bolansoň, Meýlis Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» futbol klubyna harby gullugy geçmek üçin çagyryldy. Toparda özüni görkezen Meýlis harby gullugyny tamamlandan soň, sport ýoluny Marynyň «Energetik» toparynda dowam etdirdi. Şu ýylyň başynda bolsa täze döredilen «Arkadag» futbol toparynyň tälimçileri Meýlisi düzüme çagyrdylar. Meýlis häzir bu toparyň esasy çep gyraky goragçysy.

Ýaňy 21 ýaşandygyna garamazdan, ol ýurduň ýaşlar ýygyndysynda we milli ýygyndymyzda hem birnäçe duşuşyk geçirdi. Goragda oýnaýan hem bolsa, iň dartgynly pursatlarda hüjüme kömege gelmegi başarýan Meýlis Türkmenistanyň milli we ýaşlar ýygyndylarynyň hatarynda Aziýanyň iň güýçli ýygyndylary hasaplanylýan Hytaýyň we Özbegistanyň ýygyndylarynyň derwezesine gol geçirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: