17-nji sentýabrda AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň täze möwsümine girişjek «Arkadag» futbol topary yklym ýaryşynyň bosagasynda ähli resmi duşuşyklaryndaky 100-nji ýeňşini gazandy. Ýubileý ýeňiş Türkmenistanyň Futbol boýunça çempionatynyň Ýokary ligasynyň 19-njy tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde ýerli «Merw» topary bilen geçirilen duşuşykda hasaba alyndy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
11-nji sentýabrda geçirilen şol duşuşykda ýurdumyzyň çempiony ýerli topary Altymyrat Annadurdyýewiň iki, Didar Durdyýewiň bir goly bilen 3:1 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, «Arkadag» topary özüniň 102-nji resmi duşuşygynda 100-nji ýeňşini gazanyp, dünýä futbolynyň taryhynda mundan soň hem seýrek gabat geljek üstünlikleriň birini gazandy. Iň gyzykly tarapy topar mundan iki ýarym ýyl ozal ilkinji resmi ýeňşini hem «Merw» topary bilen bolan duşuşykda gazanypdy.
«Arkadag» topary 100-nji ýeňşini gazandy
13
Sep
