Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi we Lebap welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenabat şäherindäki 39-njy orta mekdebinde şäheriň umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň umumy döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak maksady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Bäsleşikde mekdep okuwçylarymyz öz taslamalary bilen gatnaşyp, ýeňiji bolup aýratyn baýrakly orunlara mynasyp boldular. Sylaglanyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Rahman ERGEŞOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

