Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Watany wasp edýär mahmal owazlar,
Owadan ýurdumda baharlar, ýazlar.
Dillerinde dessan, golunda sazlar,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Zamanaň eşretli, döwrüň berkarar,
Watanyň merdana ogul-gyzy bar.
Toýdur-baýramlara sowgatly barýan,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Gülleýän gül açýan röwşen ertirli,
Ruhy taýdan arassa sagdyn bedenli.
Ylymly hem bilimli kämil ösüşli,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Göwünleri ganatlanýar hyjuwly,
Kalplary alkyşdan, buýsançdan doly.
Watanymyzyň yhlasly aýdyň geljegi,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Sarpalanýan döwrüň ajap çagy bar,
Müňýyllyk taryhyň şamçyragy bar.
Galkynyşyň şöhratyna buýsanýan,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
HALITOWA Aýlar,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Saz mugallymçylygy” bölüminiň II ýyl talyby