ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR
Bitaraplyk saýasynda ýaşaýas
Beýik binalarda biz bilim alýas
Ertirime has ynam bilen barýas
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Her günümiz üstünliklere eýe
Türgenlermiz bardyr çakgan hem çeýe
Hem guwanç, hem daýanç bolup her öýe
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Magtymgukyň bize görkezen ýoly
Göýä biziň ýan kitabymyz ýaly
Geljek ösüp barýan ýaşlara bagly
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Ata-enä uly hormat goýýarlar
Baýramlarda mydam aýdym aýdýarlar
Ýürek buýsanjyny şeýdip ýazýarlar
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Gahryman Arkadagym guwanýar bize
Arkadagly Gahryman Serdarym diňe:
Diýýär:-“Öňe, öňe ýene-de öňe”
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby
Selbi Imamowa