Aşgabat şäheriniň 65 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. 12-nji martda
Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Karary kabul edildi. Karar merkezi metbugat neşirlerinde
çap edildi. Onda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Arkadag şäheriniň häkimligi bilen
bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi bellenilýär.
Karar Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.
Arkadag şäheriniň çägi ýene 65 gektar giňedi

13
Mar