BIZE YAZYARLAR

ARKADAG ŞÄHERIM

Guruldy akylly şäher
Görenleri haýran edip
Irden turup her gün säher
Görmegi men arzuw edip

Ol ýerde beýik binalar
Buluda ýeteýin diýýär
Oňa pena köpetdaglar
Ýaşaýjylar jandan söýýär

Giň otagly jaýlarynda
Çaga gülküsi ýaňlanýar
Gije dogan aýlarynda
Bu şäher oňa bäslenýär

Talyplaryň okuw jaýy
Mermerden altyn öwüşýär
Bagtly ýaşlarynyň toýy
Bagt köşgünde edilýär

Köçeleri misli aýna
Ulaglary ak kepderi
Bezeg berip her öýüne
Türkmen halysy keşdeli

Bag ekildi hatar-hatar
Serdarmyz muňa baş bolup
Baýramlarda gazan atar
Ýaşulular bir jem bolup

Neneň muny synlamajak
Haýran galyp, arzuw edip
Nädip şäheri öwmejek
Arkadagyň waspyn edip

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”bölüminiň II ýyl talyby
Selbi Imamowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: