BIZE YAZYARLAR

ARKADAG ŞÄHERIM

Gündizki günümiz, gije aýymyz
Berýär bize ol bagytdan paýymyz
Köpetdagdan akýar çeşme-çaýymyz
Gahryman Arkadag guran şäheri

Belende göterýär türkmen adymyz
Misli uçýar biziň bedew atymyz
Giň jahana dolýar şan-şöhratymyz
Dost-doganlaň görmek islän şäheri

Gahryman Arkadag dünýä nusgalyk
Alyp barýar ägirt uly işleri
Gurup berdi, akylly şäher beýik
Uzak bolsun Arkadagyň ýaşlary

Berkarar döwletiň täze eýýamy
Gahryman Arkadag halkyň sylany
Arkadagly Serdar bilen barýany
Pyragynyň arzuw eden şäheri

Görmedikler mydama armandadyr
Görenlerem şäheriň haýranydyr
Bu gözellik baky bagtyň nurydyr
Ýaşlar üçin Arkadagym gurandyr

Bu şäherde aýdym aýtmaklyk bagty
Ak sahnada maňa-da nesip etdi
Gadam urýas ösüş ýollarna ýagty
Bu bagtly durmuşy Arkadag berdi

Selbi Imamowa
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Aýdym aýtmaksungaty” bölüminiň III-nji ýyl talyby “Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Ilkinji
Guramasynyň” talyp hakynyň eýesi