BIZE YAZYARLAR

Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary we şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz şähergurluşyk ulgamynda dünýä nusga alarlyk derejelere ýetdi. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan tagallalarynyň miwesi – Arkadag şäheri subutnama bolup biler.
Şähergurluşyk taslamasy özüniň göwrüminiň ululygy, şeýle hem göz öňüne tutulmaly şertleriň derejesiniň has ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Şähergurluşyk taslamasy birnäçe binagäriň, şähergurluşykçynyň döredijilik pikirleriniň, garaýyşlarynyň netijesinde emele gelýär. Onuň esasy maksady bolsa, ilatyň ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin zerur bolan ähli amatly şertleri döretmekden, şeýle-de ony dogry meýilleşdirmekden, ýerleşdirmekden ybaratdyr.
Şähergurluşyk taslamasy, öz gezeginde, esasy 4 bölekden, ýagny ýaşaýyş jaý, dolandyryş, medeni-dynç alyş, senagat kärhanalary böleginden ybaratdyr.
Şäherleriň sanlylaşdyrylmagy, «akylly» şäher strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegi häzirki döwürde barha meşhur bolýar. «Akylly» şäherler, esasan, üç ugurda: akylly dolandyryşyň, akylly tehnologiýalaryň we akylly jemgyýetiň ösmegi bilen emele gelýär.
Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda şähergurluşygynyň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen güýje girizildi.
Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesi berildi. Bu akylly şäheriň gurulmagy we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi we onuň ekologiýa taýdan aýratyn tapawutlylygyna, «ýaşyl» we täze tehnologiýalar bilen üpjünçiligine bagyşlanyp halkara guramalar tarapyndan şahadatnamalar, diplomlar, sertifikatlar gowşuryldy.

ÝAZBAÝEWA Leýli,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
101-nji okuw toparynyň talyby.