BIZE YAZYARLAR

Arkadag şäheri bagtyýarlygyň mekany

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyly “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrdy. Arkadag şäheri – bu milli binagärligiň merjeni hem-de ajaýyp nusgasy, ynsan eli bilen döredilen gözellikleriň ajaýyp sazlaşygy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine bu ýerde alnyp barylýan giň gerimli işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar we gymmatly maslahatlaryny berýär.
Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýeleýän Arkadag şäheriniň arassaçylyk derejesi, döwrebap ýagdaýda abadanlaşdyrylan çäkleri şäheriň tyllaýy agşamlary bilen utgaşyp, sungat eserine çalymdaş gözelligi emele getirýär. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmalydygyny belleýär. Şunda täze, «akylly» şäheriň döwrebap durmuş düzümlerinde ýaşlara uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň beren maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilýär.
Şeýle-de şäherde medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde medeni-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, owadan suw çüwdürimleriniň gurulmagyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Bu hem täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmeginiň, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmeginiň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şäher gurluşyk maksatnamalarynyň möhüm talabydyr.

ORAZMÄMMEDOW Ysmail,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
121-nji okuw toparynyň talyby.