SPORT WE SYÝAHAT

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň eýesi boldy

“Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny
gazandylar. “Arkadag” topary ýurdumyzyň “Ýokary ligasyndaky” çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdiler. Arkadag şäheriniň adybir topary “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda geçen ýyl finalda çykyş eden “Ahal” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Kubok ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy garaşylyşy ýaly “Arkadag” toparynyň hüjümlerinde geçdi. Geçirilen hüjümleriň netijesinde 45-nji minutda “Arkadag” toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedowyň depen topy netije geirdi – 1:0. Duşuşygyň ikinji ýarymynda toparlar hernäçe hüjüm etseler-de hasap üýtgemedi.
2023-nji ýylyň başynda döredilen “Arkadag” toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen birinji final duşuşygynda bu topar “Ahaly” 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: