DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Arheologlar ýaşy 3000 ýyla barabar altyn maskanyň bölegini tapdylar

«Мир 24»-iň «CNN»-e salgylanyp, habar bermegine görä, Hytaýyň Syçuan welaýatynda gazuw agtaryş işlerini geçirip ýören wagtlary arheologlar altyn maskanyň bölegini tapypdyrlar. Onuň agramy 280 gram bolup, düzüminiň 84%-i gymmat bahaly metaldan durýan eken.
Maska «pida getirilýän çukur» diýlip atlandyrylan ýerden tapylan bäş ýüz töweregi tapyndylaryň biridir. Açyşlar Sansinduý taryhy ilatly ýerde edildi. Alymlar olar biziň eramyzdan öňki 316-njy ýylda ýykylan gadymy Şu döwletiniň medeniýetini öwrenmäge kömek eder diýip çaklaýarlar.
Altyn maskadan başgada, arheologlar altyn folga, piliň süňkünden we nefritden ýasalan artefaktlary, çüýlenip ýapylan ýeşşik we baýguşa meňzäp duran guşuň suraty çekilen bürünç gap tapdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply