DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Argentinanyň buzluklarynda 50-ä golaý syrly gowak bar

Argentinanyň dünýäniň täsin milli seýilgähleriniň sanawyna girýän buzluk meýdanlary uly meşhurlyga eýedir. Bu ýerde dürli ululykdaky buzly çäkleriň, syrly gowaklaryň 50-ä golaýy hasaba alnandyr.
Şolaryň arasynda Perito Moreno uzak ýyllaryň dowamynda emele gelen äpet buz meýdanlarynyň iň meşhurlarynyň biridir. Onuň uzynlygy 30 kilometrden, beýikligi bolsa 70 metrden gowrakdyr. Perito Moreno özüniň täsin reňki bilen hem köpleriň gyzyklanmasyna eýedir. Onuň mawy öwüsýän gögümtil reňki ýaşynyň uludygy bilen düşündirilýär. Dünýäde iň çalt süýşýän bu buzluk süýji suwuň ätiýaçlyk gory boýunça Grenlandiýadan we Antarktidadan soň dünýäde üçünji orunda durýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: