DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Argentina futbol boýunça dünýäniň çempiony boldy  

Düýn Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlandy. Çempionatyň finalynda Argentinanyň we Fransiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Örän çekeleşikli hem-de dartgynly ýagdaýda geçen duşuşygyň esasy we goşmaça wagtlary 3:3 hasaby bilen deňlikde tamamlandy. Kubogy haýsy toparyň eýelemelidigi baradaky mesele 11 metrlik urgular arkaly kesgitlendi. Onda meşhur Messiniň kapitanlyk edýän toparynyň futbolçylary urgulary has takyk urup, 4:2 hasabyna ýeňiş gazandylar we Kubogyň eýeleri boldular. Mundan dört ýyl ozal Russiýada geçen mundialda dünýäniň çempiony bolan Fransiýanyň milli ýygyndysy bolsa bu gezek ikinji orun bilen oňuşmaly boldy. Çempionatda üçünji orny Horwatiýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Futbol boýunça indiki dünýä çempionaty 2026-njy ýylda üç ýurtda ― ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: