Sagdyn iýmitlenmegiň, kadaly dynç alşyň arassaçylygy berjaý etmek bilen utgaşdyrylmagy beden üçin fiziologiki zerurlyk bolup durýar. Kadaly iýmitlenilende, kadaly dynç alnanda, beden agzalary sazlaşykly işleýär. Suwuk naharlar iýlende, arassa suw içilende ganbasyş, iýmit siňdiriş kadaly bolýar. Türkmen topragynda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýlar we demlemeler şypaly täsir edýär.
Ata-babalarymyz dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň netijeli milli usullaryny döredipdirler. Şonuň bir ugry bolan topragymyzda ösýän ösümlikleri lukmançylykda giňden ulanmak häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýär.
Gyzylburç atylan unaş möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmakda we bejermekde peýdalydyr. Gyzylburçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Bedeniň kuwwatly bolmagyny we dürli keselleriň, şol sanda sowuklama we möwsümleýin ýiti respirator keselleriň hem ýüze çykmagynyň öňüni alýar we dürli ýokanç keselleriň döredijileri ýok edijilik täsiri bilen tapawutlanýar. Gyzylburçuň düzüminde alkaloidler, efir ýaglary, şeker, С, A, B, P we PP witaminleri bardyr. Gyzylburç gandamarlaryny arassalaýar we pugtalandyrýar. Ol ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga, agyryny köşeşdiriji, stresi aýryjy, öt çykaryjy, gyzdyryjy, göreji ýiteldiji, iýmit siňdiriji bolup täsir edýär. Howply täze döremeleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar.
Sarymsagyň düzüminde dürli ýokanç keselleri döredijileri ýok ediji maddalar bardyr. Bu ösümligi dürli keselleri bejermek we saglygy berkitmek üçin peýdalanmak gadym wagtlardan bäri ýörgünlidir.
Limon, ary baly garylan gyzgyn gök çaý, mineral suw, ter we kakadylan miweleriň gaýnatmalary (kompoty), gök önümleriň, miweleriň we ir-iýmişleriň täze sykylyp alnan şireleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlar, narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemeleri peýdaly içgiler hökmünde ýokary täsir edijilige eýedir.
Arassa howada gezelenç edilende, bedenterbiýe maşklary ýerine ýetirilende we arassaçylyk düzgünleri yzygiderli alnyp barlanda bedendäki ähli öýjükleriň, ähli ulgamlaryň, ilkinji nobatda hem, daýanç-hereket ulgamynyň, şol sanda bogunlaryň işleýşi kadalaşýar. Elbetde, biz ýokardakylara esaslanyp, bu düzgünleriň ählisi utgaşdyrylyp alnyp barylsa, bedenimize has oňyn täsirini ýetirýändigine göz ýetirdik.
Elleri gowy ýuwup, goraýjy serişdeleri ýerlikli ulanmalydyr. Otaglary arassa saklamak we howasyny çalyşmak iň ygtybarly öňüni alyş çäreleriniň biridir. Bu çäreler berjaý edilende, adam özüni rahat hem-de şähdaçyk duýýar.
Baky KULYÝEW,
Lebap welaýat köpugurly hassahanasynyň birinji hirurgiýa bölüminiň hirurg lukmany.