Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Öz käriniň ussady» atly hünär bäsleşigi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda öňde goýan wezipelerini, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň many-mazmunyny çuňňur özleşdirmek maksady bilen geçirilen bäsleşige saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda hünär başarnyklaryny görkezdiler, özleri baradaky maglumatlary, saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli işleri, gazanylýan üstünlikleri çeper beýan etdiler we Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik
kitabyndan sowallara jogap berdiler. Şeýle-de bäsdeşler gysgajyk sahnalar arkaly dürli ýokançlaryň öňüni almagyň usullaryny görkezdiler.
Şunlukda, Türkmenabat şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany Aýbölek Mämmedowa birinji orna mynasyp boldy. Darganata etrabynyň Gazojak şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň epidemiolog lukmanynyň kömekçisi Güljahan Hajymyradowa ikinji, Saýat etrap Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň sanitar lukmany Aýbölek Azadowa üçünji orunlary
eýelediler.
Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň Lebapdaky iň başarjaň işgärleri saýlanyldy
09
Oct
