BIZE YAZYARLAR

Arassaçylyk — saglygyň ilkinji goragy

Saglygy goramak diňe lukmançylyk edaralarynda başlanmaýar. Ol her bir adamyň öýünde, iş ýerinde, okuw jaýynda, gündelik endiklerinde başlanýar. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek keselleriň öňüni almakda iň ýönekeý, emma iň täsirli çäreleriň biridir. El arassaçylygy, şahsy gigiena, iýmit howpsuzlygy we ýaşaýyş ýeriniň arassalygy jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm bölekleridir.
El bilen biz dürli zatlara degýäris, adamlar bilen salamlaşýarys, gapylary açýarys, ulaglardan peýdalanýarys, iýmit taýýarlaýarys. Şol sebäpli elleriň üsti bilen dürli mikroblaryň bedene düşmek ähtimallygy ýokarydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy saglygy goraýyşda ýokanç keselleriň köpüsiniň el arassaçylygyny dogry berjaý etmek arkaly öňüni alyp bolýandygyny belleýär. Eller sabyn bilen azyndan 20 sekuntlap ýuwulmalydyr. Esasan nahardan öň, hajathanadan soň, daşardan gelensoň, näsag adam bilen galtaşandan soň, üsgürilenden ýa-da asgyrylandan soň elleri arassalamak zerurdyr.
Arassaçylyk diňe eller bilen çäklenmeýär. Içilýän suwuň arassa bolmagy, miwe-gök önümleriň gowy ýuwulmagy, naharlaryň dogry saklanmagy, otaglaryň wagtal-wagtal ýelejiredilmegi, öý we iş ýerleriniň tertipli saklanmagy hem saglygy goramakda uly ähmiýete eýedir. Çagalar baglarynda, mekdeplerde we okuw jaýlarynda arassaçylyk endikleriniň ýaş nesle irki döwürden öwredilmegi aýratyn möhümdir. Sebäbi çagalykda öwrenilen peýdaly endikler bütin ömrüň dowamynda saklanýar.
Arassaçylyk medeniýetdir. Ol diňe özüňi däl, töweregiňdäki adamlary hem goramagyň ýoludyr. Her bir adam öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşse, jemgyýetiň umumy sagdynlygy hem berkär. Arassa el, arassa öý, arassa daşky gurşaw — sagdyn durmuşyň ygtybarly binýadydyr. Saglyk bolsa ynsanyň iň uly baýlygy bolup, ony goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Altyn TURAPOWA,
Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.