UNCATEGORIZED

Arassa tebigat dünýämiziň ýaraşygy

Daşky gurşawyň arassalygy ynsan saglygyny goramagyň esasy şertleriniň biridir. Garagumdaky ”Altyn asyr” türkmen köli ähli welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýygnanýan şorlaşan lagym suwlaryny bir ýere toplamak üçin niýetlenilip, sebitiň ekologik ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu köl suw gorlaryny aýawly saklamak bilen bagly ähli meseleleri çözmäge uly goşant goşýar.

Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda zeýkeşleriň ugrundaky çäkler tanalmaz derejede özgerdi. Suw howdanlarynda balyklaryň dürli görnüşleri köpeldilip başlandy, ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi giňeldi. Uzak menzillerden uçup gelýän guşlaryň düşlemegi üçin amatly ot-iým serişdeleri ýüze çykdy.

Tebigatyň arassalygy durmuşymyzyň zynaty. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen ”Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň eşretli dynç almaklary üçin ähli şertleri döredilen. Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologik taýdan iň arassa ýerl hasaplanylýar.

Ýurdumyzyň tebigat gözelligi durmuşymyza ýaraşyk berýär. Her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ekilýän miweli we saýaly agaç nahallary tebigat dünýämizi nurlandyrýar. Baglar ýaşaýşymyzyň çeşmesi bolan howamyzyň tämizligini we kislorod bilen baýlaşdyrylmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin bag ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek, tebigatyň baýlyklaryny gorap saklamak il-ýurt bähbitli iş saýylýar.

Ynsanyň özi hem tebigatyň bir düzümi bolup durýar. Şeýle bolansoň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak döwrüň esasy ýörelgesine öwrüldi. Ulus-ilimiz ýaş daragtlara edil çaga sereden ýaly ideg etmelidigine oňat düşünýär

Halkymyzyň asyrlarboýy ýöreip gelýän asylly däpleriniň mazmunynda hem tebigata Häzirki wagtda ýurdumyzda jahankeşdeleriň, tebigaty söýýänleriň gelim-gidimli ýerleri köpelýär.

Aýgül Nyýazmyradowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň uly hasapçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: