BIZE YAZYARLAR

Arassa suw — jana şypa

Içilýän suwuň arassalygy hem-de mukdary adam saglygyna täsir edýär. Suw adam bedeniniň iň esasy himiki birleşmesi hasaplanýar. Şol sebäpli lukmanlar diňe bir howanyň yssy pasyllarynda däl, möwsümiň çalyşýan wagtynda hem ýeterlik mukdarda arassa suw içmegi maslahat berýärler. Az suw içmegiň zyýanly bolşy ýaly, hili pes suw içmek hem saglyga ýaramaz täsir edýär.

Arassa agyz suwy ýa-da gaýnan suw bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan sökelliklerden goraýar. Ýeterlik suw kabul edilen halatynda bedeniň çyglylyk derejesi durnukly ýagdaýda saklanylýar we guraklykdan goralýar. Suw içmegiň düzgünleri dogry we doly berjaý edilende, ol bedene doly siňip, bedendäki biologik hadysalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykanda, onuň öýjüklerinde we damarlarynda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna, şeýle-de beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedeniň öte derlemegi, bedendäki suw deňagramlylygynyň bozulmagy netijesinde, ganyň lagtalanyp, ýürek-gan damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna alyp barýar. Netijede, insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagy mümkin.

Çagalara diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylan suwy içmeklerini berk tabşyrmaly. Sebäbi içgeçme ýaly howply ýokanç keselleriň köpüsi çig hem-de hapa suwlaryň üsti bilen geçýär.

Gaýnadylan suwuň adam saglygyna peýdalydygyny aýratyn bellemek gerek. Ol dürli ýokanç keselleriň, esasan hem, içege ýokanç keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Gaýnadylan suw adamyň suwsuzlygyny gandyrýar, işjeňligini ýokarlandyrýar hem-de kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar.

Howanyň yssy wagtlarynda adam suwy yzygiderli içmese, suwsuzlyk zerarly beden tapdan düşüp başlaýar. Günüň dowamynda ýeterlik mukdarda suwuklygy, ýagny miwe şiresini, gaýnatmalaryny, çaýy, arassa agyz suwuny, gaýnadylan suwy, limondyr narpyz goşulyp ýa-da itburundan taýýarlanan melhemleri, içgileri içmek maslahat berilýär.

Ogulnar NAZAROWA,

Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň radiolog lukmany.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: