YKDYSADYÝET

Arassa agyz suwy bilen üpjün edilýär

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Akýol geňeşliginiň çäginde ýerleşýän suw ýygnaýjy desga etrap merkezini we oba ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginde ähmiýetli orun eýeleýär.

Arassa agyz suwuny öndürýän bu desga göwrümi 2600 kub metrlik suw howdanynyň 2-sini, suw çykaryjylyk ukyby 5200 kub metre barabar bolan dik guýularyň 67-sini özüne birleşdirýär. Bu döwrebap desganyň öndürijilik kuwwaty Köneürgenç şäheriniň, şeýle-de etrabyň Akýol geňeşliginiň Zaman, Eýmir, Paltagaçan obalarynyň, Täzeýol geňeşliginiň hem Gazakýer obasynyň ilatyny içimlik suw bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: