Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda eýranly dünýä meşhur aýdymçy Araş Labafyň konserti guraldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Konserte tomaşa etmäge köpsanly aýdym-saz muşdaklary ýygnanyp, sungat ussadyny şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Şeýle konsertleri guramak Türkmenistandaky möhüm jemgyýetçilik wakalarynyň öňüsyrasynda kemala gelen we häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýän medeni däpleriň birine öwrüldi.
Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine ýardam berýär. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilen bu konsert hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ýeri gelende bellesek, Araş Labaf 1977-nji ýylda Tähranda doguldy, häzirki wagtda maşgalasy bilen Şwesiýada ýaşaýar. Ol «Broken Angel», «Donya», «Yalla», «One Night in Dubai» ýaly aýdymlary bilen dünýä derejesinde giň meşhurlyga eýedir.
Araş Aşgabatda konsert berdi
29
Dec
