Arap ýarym adasyndaky täsin bina
Saud Arabystan özüniň üýtgeşik binagärçilik sungaty bilen dünýä ýüzüni haýrana goýmagyny dowam edýär. Bu ýurtda bina edilýän her bir desga Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmäge bäs edýar. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ägirt desga bolsa The Line diýlip atlandyrylýar. Ilki başda beýle desganyň gurulyp bilinjegine dünýä ýüzünden birnäçe ynanmazçylyklar döräpdi. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda gurluşygyna badalga berilen ägirt taslama 2025-nji tomusynda ulanylmaga beriler. The Line-niň beýikligi 500 metr eýeleýän meýdany bolsa 170 kilometre barabar bolmagyna garaşylýar. 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2023-nji ýylyň dekabra aýyna çenli bu binanyň gurluşygyna taýýarlyk görüldi. Gurluşyk işleri häzirki wagtda diňe bir binanyň täsinligi bilen däl-de eýsem gurluşyk işleriniň çalt dowam etdirilişi bilen hem hemmäni geň galdyrýar.
Arap ýarym adasynda täze döredilýän Neom şäheriniň esasy bolmaly The Line taslamasyna 1 trillion amerkan dollary möçberinde maýa goýum goýuldy. Ägirt taslamanyň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip bolandan soň täze şäherde 9 million adam iş bilen üpjün ediler.
Ýöne bu ägirt taslamanyň ekologiýa howp salýan taraplarynyň hem üstünde durup geçeliň. Tebigaty öwrenijileriň aýtmagyna görä bu ýerde ýaşaýan birnäçe guşlaryň we haýwanlaryň başga ýerlere hemişelik göçüp gitmek howpy bar. Emeli gün şöhleleriniň, energiýanyň çeşmeleriniň, emeli kölegeleriň we emeli usulda şemallaryň döredilmegi ekologiki howpy has-da artdyrýar.
Birnäçe kynçylyklaryna seretmezden Saud Arabystan döwleti The Line taslamasyny üstünlikli tamamlajakdygyna ynanýar. Gyzyl deňizden Tabuk şäherine çenli aralykda döredilmeli täze Neom şäheriniň birinji tapgyry 2025-nji ýylda ulanylmaga beriler.
NYÝAZOWA Nargiza,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby