TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aprel aýyndan harby gulluga çagyrmak we gullukdan boşatmak möwsümi başlanar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Permana gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen resminamada çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2025-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmalydygy; çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlary 2025-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmalydygy we şu Permanyň resmi çap edilen gününden herekete girýändigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: