DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Apple»-niň özüniň hususy kosmiki kompaniýasy bolar

Apple»-ni esaslandyryjylaryň biri Stiw Woznýak «Twitter»-de özüniň kosmiki kompaniýasyny döretmekçidigini mälim etdi. Ol «Privateer Space» diýen ady aldy. Bu barada «lenta.ru» ýazýar.

Rolikde beýan edilişine görä, «Privateer Space» kosmosyň howpsuz we adamlaryň hemmesi üçin elýeter bolmagynyň üstünde işleýär. Ol  «Apple»-ni esaslandyryjylaryň biri we «Ripcord»-y esaslandyryjy Aleks Folding tarapyndan esaslandyryldy.

Woznýak kompaniýanyň beýlekilere meňzeş bolmajakdygyny aýtdy. Esaslandyryjylaryň geljek üçin meýilnamasyny 2021-nji ýylyň sentýabrynda «AMOS Tech 2021» konferensiýasynda mälim etjekdigini söz berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: