Amerikan Apple kompaniýasy “Apple ID” hyzmatynyň adyny “Apple Account” diýip üýtgetmek isleýär. Bu barada MacRumors portaly çeşmelere salgylanyp habar berildi.
Çeşmä görä, “Apple Account” hyzmaty 2024-nji ýylda peýda bolup biler. Munuň iOS 18 we macOS 15-iň güýz wersiýasy bilen bolmagyna garaşylýar.
Hasabatda, şeýle hem, bu adyň eýýäm käbir resminamalarda barlygy we “Apple” -iň web sahypasynda tapylandygy aýdylýar.
