APL-nyň dört kluby Rodrigo bilen gyzyklanýar
“Real Madrid” hüjümçisi Rodrigo Goesiň Ispaniýa toparyndaky orny PSŽ hüjümçisi Kilian Mbappeniň kluba geçmek mümkinçiligi bilen ýitip biler.
“Mançester Ýunaýted”, “Mançester Siti”, “Arsenal” we “Liwerpul” bu pursatdan peýdalanmaga taýyn.
Çeşmäniň habaryna görä, “Real Madrid” futbolçyny satmak islemeýär, ýöne onuň özi esasy topardaky ornuny ýitirip, gitmek kararyna gelse, klubyň ýagdaýy üýtgäp biler.
23 ýaşly Rodrigo 2019-njy ýyldan bäri “Realda” oýnaýar.