APL-niň iki ägirdine şol bir oýunçy gerek
«Çelsi» we «Liwerpul» bir futbolçy üçin göreşer. Maglumata görä, «Baýer Lewerkuzeniň» ýarymgoragçysy Florian Wirts, APL ägirtleriniň nyşanyndadyr.
20 ýaşly futbolçy bir ýyldan bäri uly klublaryň ünsüni özüne çekýär. Häzirki wagtda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň agzasynyň bahasy 100 million ýewrodyr.
Wirtsiň bu möwsümde 6 goly we 9 assisti bar.