DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

APL bilen Ýewroligalaryň tapawudy: Angliýada 16-njy orny eýelän topar Ýewropada kubok gazandy

UEFA guramasy tarapyndan geçirilýän 2-nji derejeli uly kubok ýaryşlarynyň biri bolan UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Iňlis final gijesinde “Tottenhem” topary bilen “Mançester Ýunaýted” topary duşuşdy. Duşuşyk 1:0 hasabynda “Tottenhem” toparynyň peýdasyna tamamlandy we bu topar 41
ýyldan soňra Ýewropanyň kubogyny gazandy.
“Tottenhem” topary soňky gezek 1984-nji ýylda UEFA-nyň kubogyny gazanypdy. Ispaniýanyň Bilbao şäheriniň “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirilen duşuşykda ýeke-täk goly 42-nji minutda Brennan Jonson geçirdi. Angliýanyň çempionatynyň 2 güýçli topary bolan “Tottenhem” hem-de “Mançester Ýunaýted” topary bu möwsümde uly şowsuzlyga uçrady. Uly býujetli toparlardygyna garamazdan, bu topar çempionatda 16-njy we 17-nji orunlary eýelediler. Bu soňky onýyllykda her iki toparyň gazanan iň erbet netijesidir.