DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Anželina Joli özüniň modalar öýüni açdy

Amerikaly aktrisa Anželina Joli durmuş-ykdysady kömege mätäç toparlara goldaw bermek maksady bilen, «Atelier Jolie» atly moda öýüni açdy.

«Men döredijiler üçin dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ökde we reňbe-reň tikinçiler, dizaýnerler we hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilik döredýärin. Öz dizaýnyňyzy düzüp bilýän bolsaňyz, näme üçin başga biriniň dizaýnyny satyn alýaňyz? Biziň hemmämiz beýleki adamlaryň dizaýnlaryny ýygnap, baha berip we täsir edip bileris. Ýöne düşündirmegiň iň ýokary görnüşi we meniň pikirimçe iň gyzyklysy- özüňiz üçin döretmek» diýip, Joli şahsy «Instagram» sahypasynda ýerleşdiren beýanynda aýtdy.

«Atelier Jolie» moda öýüniň maksady müşderileriň  egin-eşikleri dizaýn etmegi we tikinçileriň bolsa öz pikirlerini kämilleşdirmegi göz öňünde tutulýar.  Ulanylmaýan materiallar täsin önümleri döretmek üçin ulanylýar. Söwda toparyna dürli milletlerden we durmuş-ykdysady görnüşdäki hünärmenler, «ejiz» toparlaryň wekilleri girýär. Golliwudyň aktrisasy: «Taslama medeni miras baýlygyny paýlaşmaga we başlangyçlaryň ösmegine goldaw berer» diýdi. Şeýle hem, müşderiler köne eşiklerini abatlamaga hem mümkinçilik alarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: