Antarktidada garpyz bişdi
Russiýanyň Antarktidadaky Wostok bekedinde iş alyp barýan alymlar bu sowuk zolakda ýyladyşhana şertlerinde gawun we garpyz ösdürip ýetişdirdiler. Şonda garpyzlaryň bişendigi we tagamynyň süýjüdigi mälim boldy.
Alymlaryň bu ylmy işi dünýäniň iň sowuk ýerinde hem hasyl alyp bolýandygyny görkezdi.
Hünärmenler bu synagynda Gün şöhlesine «öýkünýän» ýagtylykdan peýdalandylar. Ýuka toprakly gatlaga ekilen tohumlardan göni 103 günden soň bişen garpyzlaryň 8 sanysy alyndy. Gawunlaryň her biriniň agramy bolsa 1 kilograma, diametri 13 santimetre barabar boldy.
Mundan öň bu beketde 2020-nji ýylda gök otlardyr kelem hem ösdürilip ýetişdirilipdi.