Angliýa ― Ýewro ― 2024-iň çempiony bolmaga has ýakyn ýygyndy
Germaniýada geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda çykyş etjek 24 toparyň ählisi hem belli boldy. Bukmeýkerler çempionlygyň dalaşgärleriniň sanawyny mälim etdi. Şoňa görä, 14-nji iýun – 14-nji iýul aralygynda geçiriljek 17-nji Ýewropa çempionatynda çempionlygy iň golaý topar Angliýanyň milli ýygyndysy hasaplanýar. Angliýanyň koeffisienti 4.00-a deňdir. Olara iň golaý koeffisientli ýygyndy Fransiýanyň ýygyndysydyr. Täze tälimçisi bilen azda-kände özlerini dürsän ýer eýeleri – Germaniýanyň ýygyndysy çempionlygyň iň güýçli 3-nji dalaşgäri hökmünde görkezilýär. Ispaniýadyr Portugaliýanyň 4-5-nji ýeri eýelän sanawynda kubogyň soňky eýesi Italiýanyň ýygyndysy 6-7-nji orunlary Belgiýanyň ýygyndysy bilen paýlaşýar. Taryhynda ilkinji gezek gatnaşýan Gruziýa 23-nji, 2-nji sapar synanyşýan Albaniýanyň ýygyndysy 24-nji orny eýeleýär.