JEMGYÝET

Änew şäherinde «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen telebäsleşigiň bu tapgyryna Ahal welaýatyň şäherdir etraplaryndan höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Höwesjeň aýdymçylar telebäsleşigiň şertleri esasynda estrada, halk we nusgawy aýdymlary ýerine ýetirdiler. Emin agzalary ýaşlaryň zehinine, ýerine ýetirijilik ussatlygyna mynasyp baha berdiler. Ýaşlaryň özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym! — 2022» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyrynda Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy, höwesjeň aýdymçy Ýagşygül Muhammedowa hem-de Ak bugdaý etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, höwesjeň aýdymçy Batyr Şalarow ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: